“Pederleriň göreldesi - nesilleriň ýörelgesi”


“Pederleriň göreldesi - nesilleriň ýörelgesi”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Pederleriň göreldesi - nesilleriň ýörelgesi” ady bilen Bagtyýarlyk etrabynyň Medeniýet köşgünde döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiligi bilen taryhda öçmejek yz galdyran beýik şahyrlaryň biridigi, şahyryň ynsanperwerlige eýlenen şygyrlary adamlaryň kalbynda orun alýandygy, onuň döredijiliginde adam we adamkärçilik, şahsyýet hem-de il-günüň mertebesi, jemgyýetçilik gurluşynyň esaslary öz beýanyny tapýandygy, şahyryň päk ahlakly bolmak, adamlara ýagşylyk etmek baradaky goşgularynyň ýaşlary terbiýelemekde ähmiýetiniň has-da ulydygy, şeýle hem umumadamzat şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň çuňňur many-mazmuna eýlenen, watansöýüjilige, päk ahlaklylyga çagyrýan goşgy setirleri külli ynsanyýetiň kalbynda ýaşaýandygy barada gürrüň berdiler we Akyldar şahyrymyzyň ýazan birnäçe goşgularyny çeper okadylar. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.