Hormatly Prezidentimiziň “Paýhas çeşmesi” kitabyndan “Bijeli oglan aglamaz” atly atalar sözi barada söhbetdeşlik


Hormatly Prezidentimiziň “Paýhas çeşmesi” kitabyndan “Bijeli oglan aglamaz” atly atalar sözi barada söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda körpe okyjylary bilen tapmaçalar esasynda bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň dowamynda iki topar hem deň netije gazandy. Hünärmenlerimiz ýeňijini bije çekmek arkaly saýlady. Bu bolsa çagalarda örän ýakymly täsir galdyrdy.
Uzynly-gysgaly iki çöpüň başyny deňläp atylan bu bije halkymyzyň gadymdan gelýän bije atyşmak dessurynyň ýokary derejede mynasyp dowam etdirilýändiginiň şöhlelenmesine öwrüldi. Kitaphanamyzyň hünärmenleri hem çagalara hormatly Prezidentimiziň “Paýhas çeşmesi” kitabynda orun alan “Bijeli oglan aglamaz” diýen atalar sözüniň türkmen halkynyň arasynda asyrlar boýy dowam edip gelen bije atyşmak dessury bilen baglylykda döränligi hem-de türkmeniň bu dessura garaýşynyň, onuň bilen baglylykda ýüze çykýan merdana hasiýetini beýan edýändigi barada gyzykly gürrüň berdi. Gurnalan kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Bäsleşigiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.