“Sagdyn durmuş-bagtyýar geljek”


“Sagdyn durmuş-bagtyýar geljek”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 59-njy orta mekdepde “Sagdyn durmuş –bagtyýar geljek” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Watanymyzda adam we onuň saglygy hakynda uly aladalar edilýändigi, we raýatlaryň saglygyny goramak hem-de dikeltmek babatda möhüm işler durmuşa geçirilýändigi, bu işler biziň şäherimiziň çäklerinde hereket edýän bilim ojaklarynda hem köpçülikleýin alnyp barylýandygy şeýle-de, mekdep okuwçylarynyň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilip, oňa gatnaşyjylara sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak barada wagyz edilýändigi, şeýle-de sagdyn bolmak maksady bilen her bir ynsan, ylaýta-da çagalar tämizligiň düzgünlerini kadalaýyk berjaý etmelidigi barada giňişleýin gürrüň edildi.
Hormatly Prezidentimiziň ,,Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary barada kitaphana hünärmenleri çäre gatnaşýanlara giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda hemişe öz raýatlarynyň jan saglygynyň, bagtyýar ýaşamaklarynyň aladasyny edýän Gahrym Arkadagymyza alkyşlar aýdyldy.