“Gender deňligi we milli däpler”


“Gender deňligi we milli däpler”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynda “Gender deňligi we milli däpler” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda gender syýasaty we türkmeniň milli däp - dessurlary ýurdumyzda giňden ýaýbaňlanýan gender syýasaty, gender deňligi durmuşyň ähli ugurlarynda aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygy we mümkinçilikleri göz öňünde tutulýandygy, ýurdumyzda aýallaryň syýasy we jemgyýetçilik durmuşynda ähli ulgamlarda, şol sanda ösüş strategiýalaryny we jemgyýetçilik taslamalaryny meýilleşdirmäge gatnaşmaklary, gelin-gyzlaryň jogapkärli wezipelerde işlemekleri şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň dermanlyk ösümlikleriniň adam saglygyna edýän täsiri barada ylmy esasda ýazan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň halkymyzyň ýan kitabyna öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.