“Hemişelik Bitaraplyk-bagtly geljege şugla”




Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat – çaphana orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda “Hemişelik Bitaraplyk-bagtly geljege şugla” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň ösüşleri, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine wepalydygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlydygyny şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-parasady netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýedigi barada giňişleýin gürrüň edildi.
Çäräniň dowamynda bagtyýar talyp ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ýokary bilimli, ösen aň-düşünjeli, berk bedenli, watansöýüji ýaşlaryň terbiýelenip ýetişdirilmegine uly üns berýändigini çykyşlarynda uly buýsanç bilen belläp geçdiler we Garaşsyz, asuda Bitarap Watanymyzy goşgy setirleri bilen wasp etdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.