“Gyz-gelinleriň ýaraşygy keteni”


“Gyz-gelinleriň ýaraşygy keteni”



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebi bilen bilelikde “Gyz-gelinleriň ýaraşygy keteni” atly söhbetdeşligini geçirdi. Bu söhbetdeşlikde kitaphanamyzyň hünärmeni mekdep okuwçylaryna türmen ketenileri özüniň reňki, öwüşgini, hiliniň berkligi, boýaglarynyň tebigylygy barada aýdyp berdi. Mundan başga-da ene-mamalarymyzdan bize miras bolan gültahýalarymyzyň taryhy we ondaky sünnälenip keşdelenýän nagyşlar hakynda aýdyp berdi. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde sere zynat berýän gültahýalarymyz, syna ýaraşyk berýän al-elwan ketenilerimizi wasp edip birnäçe goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Şeýle-de mekdepden boş wagtlary edýän el-işleri barada hem sowal-jogap alyşyldy.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan kitap sergisi hem söhbetdeşlige gatnaşan okuwçylarda uly täsir galdyrdy .
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesle türkmeniň milli gymmatlyklarynyň taryhy şöhratyny öwrenmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.