Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp “Bitaraplyk- dünýäň bagtyýarlygy” atly baýramçylyk dabarasy
“Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda, Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakalar örän köp boldy.
Şu günler Garaşsyz Diýarymyz Baky Bitaraplygymyzyň 26-ýyllygy mynasybetli toý-baýramlara beslenýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp “Bitaraplyk- dünýäň bagtyýarlygy” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabarada çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň geçen 26 ýylynyň içinde gazanylan ajaýyp üstünlikleri, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, täze-täze başlangyçlary, beýik özgertmeleri, sebitde parahatçylygy gorap saklamakda alyp barýan işleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler.
Dabaranyň çäginde “Berkarar, bagtyýar, Bitarap Watan!” ady bilen giňişleýin kitap sergisi guraldy.