“Türkmenistan-Parahatçylygyň aýdyň ýolundadyr”


“Türkmenistan-Parahatçylygyň aýdyň ýolundadyr”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 29-njy orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýy mynasybetli “Türkmenistan-Parahatçylygyň aýdyň ýolundadyr” ady bilen edebi-sazly çäresi geçirildi.
Çärede baky Bitaraplygymyzyň ýyllary içinde gazanylan ajaýyp üstünlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasaty esasynda eziz Watanymyzyň umumadamzat gymmatlyklaryny, asudalygy üpjün edip, dünýä ýurtlary bilen deňhukukly gatnaşyklary ýola goýýandygy dogrusynda şeýle hem türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleriniň gymmatlylygy barada täsirli çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylarynyň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan sergileri oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda parahatçylyk, dost-doganlyk ýoly bilen ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň döwletli işleriniň rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyarlygy, saglygy barada bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.