“Arkadagyň saýasynda ýurt abadan, il bagtyýar”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň bilelikde gurnamagynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Arkadagyň saýasynda ýurt abadan, il bagtyýar” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe
“Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilen ýyly ýurdumyzyň taryhynda müdimilik galjak 2021-nji ýylyň tamamlanyp barýandygy, ol ýurdumyz üçin uly ähmiýetli bolan şanly wakalaryň, beýik zähmet ýeňişleriniň, ajaýyp üstünlikleriň ýyly bolandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek babatda guwandyryjy işleriň amala aşyrylandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Her ýyly mynasyp at bilen atlandyrylmagy halkymyzda asylly ýörelgä öwrülendigi, bu babatda raýatlaryň pikirdir-garaýyşlaryny nazara alyp, 2022 -nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy”diýlip teklip edilmegini hem söhbetdeşlige gatnaşýanlaryň hemmesi biragyzdan tüýs ýürekden goldaýandygyny belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda halkymyza şeýle ajaýyp zamanany, döwletli-döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.