“Döwür we Zenan”


“Döwür we Zenan”



Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň KA-nyň Geňeşi, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy hem-de Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda Bagyr Medeniýet öýünde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Milli Liderimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny durmuşa ornaşdyrmakda Gender deňligi, Baky Bitaraplygymyzyň gazananlaryny ýetilen belent sepgitlerini, ene – mamalarymyzdan miras galan däp – dessurlarymyzy, maşgala mukaddesligi, çaga terbiýesini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Döwür we Zenan” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nesil terbiýesinde jemgyýete mynasyp adamlaryň goşulmagynda ýaşulularyň, ata-enäniň, bilim-terbiýe ojaklarynyň sazlaşykly işi üstünlikli alnyp barylýandygy, türkmeniň ata-baba gelýän milli ýörelgelerine, edep-terbiýesine eýerip, ähli zadyň başynyň edepden başlanýandygy, şeýle-de asyrlarboýy sünnälenip şu günlere ýetilen milli hem medeni mirasymyz bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen dünýä derejesinde sarpalanýan gyz-gelinlerimiziň kalbynyň keşbi bolan keşdeler halkymyzyň ruhy ahwalyndan, taryhyň gatlaryna siňip giden geçmiş ýollaryndan söz açýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmeniň milli mirasyny, şonuň ýaly-da türkmen keşdeçilik sungatyny gaýtadan dikeltmekde we täze many-mazmunyny baýlaşdyrmakda türkmen zenanlaryna uly goldaw berýän we ony dünýä ýaýmakda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutýan belent maksatly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.