“Arassaçylyk –saglygyň sakasy”


“Arassaçylyk –saglygyň sakasy”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynda 47- nji orta mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Arassaçylyk-saglygyň sakasy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn ýaşaýyş ýörelgesini her bir raýatyň gündelik durmuşyna ornaşdyrmak arkaly ilatyň sagdyn we uzak ýaşamagyny gazanmak üçin döwlet möçberinde uly tutumly işler amala aşrylýandygy şeýle-de,ösüp gelýän ýaş nesilleriň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi şoňa görä-de, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynsan saglygy ugrunda alnyp barylýan uly işler bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez pähim-paýhasy bilen adam we onuň saglygy hakyndaky alada döwletimiziň baş ýörelgesine öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda hormatly Perzidentimiziň saglyk ulgamyna degişli ajaýyp kitaplary esasynda mekdep okuwçylarynyň arasynda sorag-jogap alşyldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda ynsan saglygyny baş baýlyga deňeýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.