“Sagdyn başym – rowaç ýurdum”


“Sagdyn başym – rowaç ýurdum”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynda “ Sagdyn başym – rowaç ýurdum ” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede her bir güni uly özgerişlere beslenýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopediki kitabynda buýan köküniň dermanlyk häsiýeti we durmuşda ulanylyşy barada hem-de Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladalary netijesinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, saglyk öýleriniň, dynç alyş merkezleriniň, sport desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň hakykatdan hem sagdynlygyň we ruhubelenligiň ýurdy hökmünde ykrar edilmegi, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigi barada giňişleýin gürrüň berildi.
Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn bolmagy, halkyň saglygyny goramakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.