“Rysgal-döwlet bolup gel sen, Täze ýyl!”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli
“Rysgal-döwlet bolup gel sen, Täze ýyl!” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede Täze ýyl baýramynyň gelip çykyş taryhy, bu baýramyň ýer ýüzünde belli bolan baýramlaryň iň gadymylarynyň biri bolmak bilen, her ýurt ençeme asyr dowam edip gelýän öz däp-dessurlary esasynda belläp geçýändigi hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen döwlet derejesinde uly şatlyk-şowhun bilen belenilýändigi barada gyzykly gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda ertekiler esasynda kitap sergisi gurnaldy. Çagalar kitap sergisine aýlanyp gördüler hem-de ertekiler hakynda sorag-jogap alyşdylar. Aýaz baba hem-de Garpamyk hakyndaky okalan rowaýat çagalaryň ünsüni özüne çekdi. Çagalaryň bolsa ertekileriň gahrymanlary bolup çykyş etmekleri çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bagtyýar nesillerimiziň erkana ýaşamagy, ruhy we beden taýdan sagdyn, edepli-terbiýeli, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän kämil nesilleriň kemala gelmeginde gijesini gündiz edip işleýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Goý, geljek täze ýylymyz hem täzeden täze üstünlikleri, rowaçlyklary, beýik başlangyçlary bilen gadam bassyn! Täze ýylyňyz gutly bolsun!