Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ýaşasyn parahat durmuş” atly goşgusy boýunça tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly bolan 2021-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ýaşasyn parahat durmuş” atly goşgusy boýunça tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlige TDMM-niň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri gatnaşyp, bu goşgynyň her bir bendinde öňe sürülýän pikir dogrusynda taryhy wakalaryň, halk döredijilik eserleriniň, nusgawy edebiýatyň bize galdyran mirasynyň mysalynda bu goşgynyň many-mazmunyny açyp görkezdiler.