“Täze ýyl kalplara nur bolup gelsin!”


“Täze ýyl kalplara nur bolup gelsin!”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Täze ýyl kalplara nur bolup gelsin!” ady bilen çagalar baýramçylygy geçirildi.
Çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň toý-baýramlara beslenen 2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly tamamlanyp, bosagada duran Täze 2022-nji ýyly halkymyz uly umyt-arzuwlar bilen garşylanýandygy şeýle-de Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde geçirilýän baýramçylyk dabaralarynyň,
medeni-köpçülik çäreleriniň çagalarda uly täsir galdyrýandygy barada gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda çagalaryň Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlan ajaýyp çykyşlary, Aýaz babadyr, Garpamyk barada aýdan goşgulary, täsirli gürrüňleri şatlyk-şowhuna eýe boldy.
Çäräniň ahyrynda 2022-nji ýylyň hem mähriban halkymyza, döwletimize, Gahryman Arkadagymyza rowaçlyklar, üstünlikler getirmegini arzuw etdiler.