“Jan Watanym Türkmenistan”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Bagyr Medeniýet öýünde hormatly Prezidentimiziň “Jan Watanym Türkmenistan” atly goşgusy esasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň ilkinji günlerini uly üstünliklere besläp ajaýyp pursatlar bilen garşy alynandygy munuň mysalynda, Gahryman Arkadagymyzyň Täze ýylyň garşylanan ajaýyp pursatlarynda Watanymyzyň ýeten derejesini, rowaçlyklara beslenýän menzillerini wasp edip, täze goşgy döredendigini we ony “Jan Watanym Türkmenistan!” diýip atlandyrandygyny aýtmagy ähli türkmen halkyna ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrülendigi şeýle-de hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp şygyry, bir tarapdan, ösüşlere, özgerişlere beslenip geçen ýylymyzyň özboluşly waspnamasy bolan bolsa, beýleki tarapdan, Milli Liderimiziň eziz Watanymyza hem-de halkymyza bolan belent buýsanjyny, uly söýgüsini şöhlelendirip “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň şygary bolup ýaňlanýandygy barada çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda ajaýyp şygyrlary bilen halkyny begendirip durýan Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamynyň ýiti, janynyň sag, başynyň dik alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!