“Ýazyjy-şahyrlaryň dünýäsindäki tükeniksiz hazyna”


“Ýazyjy-şahyrlaryň dünýäsindäki tükeniksiz hazyna”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynda “Ýazyjy-şahyrlaryň dünýäsindäki tükeniksiz hazyna” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede mukaddes kitaplar dünýäsi, milli aýratynlygyny saklap ähli babatda gülläp ösýän ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş neslimizi sagdyn ruhda terbiýelemäge, olaryň aňyna eziz Watana, ene topraga bolan çäksiz söýgini ornaşdyrmaga ýardam berýändigi, şeýle-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkyna peşgeş berýän ajaýyp kitaplary hem-de ýurdumyzyň görnükli ýazyjy-şahyrlaryň kitaplary barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda ata Watanymyzy, ýurdumyzy, parahat durmuşymyzy wasp edýän häzirkizaman ýazyjy-şahyrlarymyzyň döreden birnäçe eserleri barada sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çärede gurnalan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, ata Watanymyzyň dünýä derejesindäki ösüşlerini hemmetaraplaýyn açyp görkezýän edebiýatlar ýerleşdirildi.