“Aýdym ýaly ajap ýyllar”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 29-njy orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Aýdym ýaly ajap ýyllar” ady bilen
edebi-sazly agşam geçirildi.
Çärede bagtyýar türkmen halkymyz 2022-nji ,,Halkyň Arkadagly zamanasy’’ ýylyny şatlyk-şowhun, uly buýsanç duýgulary bilen garşy alnandygy, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni, her bir ýyly beýik üstünliklere, bedew batly ösüşlere beslenip gelýändigi şeýle-de parahatçylyk, dost-doganlyk ýoly bilen ýetilen bagtyýar durmuşyň geljekde hem
dowamat-dowam boljakdygy barda çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda ýürekleri buýsançdan doly ýaş nesillerimiz bagtyýar Watanymyzy, eşretli döwrümizi, Mähriban Arkadagymyzy wasp edip ýerine ýetiren hoş owazly aýdym – sazlary dabaranyň şowhununy has-da artdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň berkararlyk, bagtyýarlyk, parahatçylyk ýörelgeleri, il-ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.