“Arkadag pähiminden Watan gülleýär”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 45-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Arkadag pähiminden Watan gülleýär” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede mähriban halkymyz 2022-nji ýyly –“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyna uly şatlyk-şowhun, beýik maksatlar bilen gadam basan halkymyz
ata–babalarymyzyň ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän, türkmeniň milli ruhunda we Garaşsyzlygyň hem-de hemişelik Bitaraplygyň taglymatlarynda terbiýelenýän, kämil ýaşlar, arassa ahlakly, halkyna, watanyna wepaly ýaş nesilleri kemala getirmek üçin döwrebap işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamlarynyň has-da kämilleşdirilmegi üçin düýpli işleriň amala aşyrylýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda Ata Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Jan Watanym Türkmenistan!” atly ajaýyp goşgusy möhüm gollanma bolup, ýaş nesillerde watansöýüjilik, duýgularyny oýarmakda ähmiýeti örän uludyr.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!