“Halkyň Arkadagly zamanasy” atly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde täze 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen şygar bilen atlandyrylmagy mynasybetli “Halkyň Arkadagly zamanasy”atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda halkymyzyň eşretli, asuda, parahat durmuşda ýaşamagy üçin belent maksatly beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasynda ýaşamak, bilim almak, işlemek, döretmek her bir türkmen raýaty üçin uly bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygy barada aýratyn nygtadylar.
Mähriban Arkadagymyzyň ýiti galamyndan dörän “Ýaşasyn parahat durmuş!” hem-de “Jan Watanym Türkmenistan!” atly goşgularyny mekdebiň höwesjeň okuwçylary labyzly aýdyp berdiler.
Gurnalan göçme kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.