“Köňüller, ýürekler bir boldy bu gün, görmäge göz gerek Türkmenistany” ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasy


“Köňüller, ýürekler bir boldy bu gün, görmäge göz gerek Türkmenistany” ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasy



Döwlet kitaphanasynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly mynasybetli Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň bilelikde guramagynda “Köňüller, ýürekler bir boldy bu gün,görmäge göz gerek Türkmenistany” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabarada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli içeri we daşary syýasatlarynyň we maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýänligi, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ýetilen uly üstünlikler, halkara derejesinde abraýynyň hasam artýandygy, ylym-bilim ulgamyndada ýetilen guwandyryjy netijeler dogrusynda dabara gatnaşýan hünärmenler giňden söhbet etdiler.
Geçirilen dabara mynasybetli Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan ”Rowaçly Watanym- dillerde dessan, öňe ýene öňe jan Türkmenistan ”ady bilen giňişleýin kitap sergisi gurnaldy. Dabara gatnaşan ýazyjy-şahyrlar, sahna ussatlary, kitaphana işgärleri parahatçylyk, dost-doganlyk ýoly bilen ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň döwletli işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.