Aýdyň maksatlar rowaçlanýar


Aýdyň maksatlar rowaçlanýar



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen 67-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Aýdyň maksatlar rowaçlanýar” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede 2022-nji ýyly halkymyzyň isleg-meýilleri göz öňünde tutulyp, “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylmagy her bir ynsanyň umyt-arzuwlaryndan nyşan bolup, ata Watanymyz Türkmenistan toý -baýramlaryň mekany, ynsan arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdy hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýandygy barada çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ylham umanyndan syzylyp çykan “Jan Watanym Türkmenistan” atly ajaýyp goşgusynda Watanymyzyň bagtyýarlygyny,asudalygyny wasp edýän gymmatly setirleriniň mazmun taýdan ýitiligi, özboluşlulygy barada buýsançly gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda halkyny ajaýyp durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözler aýdyldy.