Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri beýik ösüşleriň gözbaşy
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri beýik ösüşleriň gözbaşy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir güni egsilmez joşguna, toý-baýrama rowaçlyklara beslenýän güneşli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz bagtyýar zamananyň hözirini görüp, eşretli durmuşda ýaşaýandygy, ýurdumyzdaky şol belent ösüşler, gazanylýan üstünlikler, bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemal tapan ajaýyp eserlerinde özüniň oňyn beýanyny tapýandygy, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän eserleriniň her biri gymmatly çeşme bolup, şol gymmatly eserler bu günki gün ösüp gelýän ýaş nesiller üçin ýol-ýörelge, edep-terbiýe we uly gollanma bolup hyzmat edýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda halkyny bagtyýar zamanada ýaşadýan, özüniň ajaýyp eserleri bilen begendirip durýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.