“Watan goragy – mukaddes borç ”


“Watan goragy – mukaddes borç ”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynda Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp “Watan goragy – mukaddes borç” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we söhbetdeşlik geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda parahatçylygy baýdak edinip, dostana goňşuçylyk we hoşniýetli hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýandygy şeýle-de özbaşdak döwlet hökmünde öz Ýaragly Güýçleriniň ýokary goranyş kuwwatyny saklamaga, onuň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga ýokary hünärli harby hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyz Milli goşunymyzyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň bähbidine halkyň abadan durmuşyny, erkin döredijilikli zähmetini goramakda beýik maksatlary durmuşa geçirýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda harby-Watançylyk mowzugyna bagyşlanyp kitap sergisi gurnaldy hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda sorag-jogap alyşyldy. Çäräniň ahyrynda Watanymyzyň asudalygyny has-da pugtalandyrmakda beýik maksatlary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdyldy.