«Beýik ösüşleň diýary»
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk etrap Medeniýet öýleri, 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Beýik ösüşleriň diýary» ady bilen aýdym-sazly gürrüňdeşlik geçirildi. Çärä gatnaşanlar «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň her bir güni şatlyk-şowhuna, toý-baýrama beslenýändigi, Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji ýyllarynda Bitaraplyk derejesine eýe bolandygy, biziň Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilmeginiň örän buýsandyryjy wakadygy barada gyzykly gürrüň berdiler. Soňra Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy.