“Milli goşun-mukaddes Watanymyzyň sarsmaz galasy”


“Milli goşun-mukaddes Watanymyzyň sarsmaz galasy”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynda “Milli goşun-mukaddes Watanymyzyň sarsmaz galasy” ady bilen sesli okaýyş çäresi geçirildi.
Çärede parahat ýurdumyzyň merdana gerçeklerini şanly sene 2022-nji ýyl “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly mynasybetli gutlamak bilen, Watan goragynyň mukaddesligi, ata Watanmyzyň her daban ýeriniň kerem, keramata deňelýändigi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň Watan goragçylary bolan esgerlerdir, serkerdelere bildirýän uly ynamyna jogap edip, Watanymyzyň we dünýäniň taryhynda öçmejek yz goýan Oguz han, Seljuk beg, Togrul beg, Çagry beg, Görogly beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar ýaly türkmen halkynyň beýik ogullarynyň gahrymançylykly söweş ýollaryny mynasyp dowam etdirmelidiklerini, Watan goragçylary ýurdumyzda gazanan ähli üstünliklerimiziň-ykdysady we medeni-ruhy ösüşlerimiziň, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň berk binýady bolan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy gözüniň göreji ýaly eý görüp, parasatly ata-babalarymyzyň agzybir, parahat we asuda ýaşamak baradaky wesýetlerini berjaý etmek ýaly mukaddes borçdygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda halkyny ajaýyp durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.