Arkadagyň paýhasyndan gülleýär Watan


Arkadagyň paýhasyndan gülleýär Watan



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen 129-njy orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Arkadagyň paýhasyndan gülleýär Watan” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durnukly ösüşiň oňyn netijeleri bilen röwşen geljege rowaç gadamlar bilen barýan eziz Watanymyzyň eýeleýän belent sepgitleri “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň ilkinji günlerini uly üstünliklere besläp, göwünleri galkyndyryp, buýsançly kalbymyzy joşa getirýändigi şeýle-de Mähriban Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemal tapan “Jan Watanym Türkmenistan!” atly ajaýyp goşgusynyň her bir sözi Watanymyzyň belent waspy bolup, milli Liderimiziň eziz Watanymyza hem-de halkymyza bolan belent buýsanjyny, uly söýgüsini şöhlelendirip “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň şygary bolup ýaňlanýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda halkyny bagtyýar durmuşa alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw etdiler.