“Gender deňligi-zenan bagtyýarlygynyň nyşany”


“Gender deňligi-zenan bagtyýarlygynyň nyşany”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynda “Gender deňligi-zenan bagtyýarlygynyň nyşany” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenan sarpasy jemgyýetimizi pugtalandyrýan egsilmez güýçdir. Ýurdumyzda zenanlara hormat goýmak, enelere mukaddeslik derejesinde garamak adata öwrüldi. Gender deňliginiň jynsyna garamazdan adamlary ösüşlere, deňlige, sagdyn ýaşaýşa düşünjeli, ylymly, bilimli, bolup öz hak-hukuklaryny gazanmaga çagyrýan düşünjäni berýändigini, mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak olaryň mertebesini belent tutmak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan ýörelgelerimiziň biridigi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köp çagaly enelerimize aýratyn ýeňillikleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplaryndan kitap sergisi hem gurnaldy.