“Hormatly Prezidentimiziň eserlerinden ruhlanyp”


“Hormatly Prezidentimiziň eserlerinden ruhlanyp”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 137-nji orta mekdepde “Hormatly Prezidentimiziň eserlerinden ruhlanyp” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň nusgalyk kitaplarynda halkymyzyň parahatçylyk, asudalyk, watansöýüjilik ýörelgesiniň gadymy kökleri, şu günki gündäki dowamy dogrusyndaky ajaýyp pikirler beýan edilýändigi, türkmen halkynyň durmuş ýörelgesine öwrülen ynsanperwerlik, adamkärçilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň arkama-arka geçip gelmeginiň jemgyýetçilik ähmiýeti nusgalyk eserlerde aýdyň şöhlelendirilýändigi barada gürrüň berdiler.
Mähriban Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” eserlerinde ynsan durmuşynda parahatçylygyň, döwletleriň, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti çeper suratda beýan edilýändigi barada söhbet edildi we hormatly Prezidentimiziň atalyk kitaplarynda ýerleşdirilen birnäçe rowaýatlar aýdyldy.
Çäräniň dowamynda milli Liderimiziň kitaplary esasynda sergi gurnaldy. Çäräniň soňunda milli medeniýetimizi, sungatymyzy we kitaphana ulgamyny ösdürmekde uly işler alyp barýan Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdyldy.