“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly ady bilen guralan sergi, gürrüňdeşlik
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy 29-njy orta mekdepde 2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly ady bilen sergi, gürrüňdeşlik geçirdi.
Çärede çykyş edenler ata Watanymyzda, “ Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň ilkinji günlerinden beýik işler biri-birine utgaşyp gelip, ajaýyp täzelikler, buýsançly wakalar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän işler barada şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmeniň milli ruhunda terbiýelenýän kämil ýaşlary arassa ahlakly, halkyna, Watanyna wepaly ýaş nesiller bolup ýetişmekde, ylym-bilim ulgamynyň has-da kämilleşmeginde uly işleriň amala aşyrylýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen
il-ýurt bähbitli işleriň başynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolmagyny, beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.