“Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk – umumadamzat ähmiýetli sungatdyr” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik


“Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk – umumadamzat ähmiýetli sungatdyr” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň dutarçy ýaşlary bilen bilelikde “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň “Çagalyk ýyllarym” atly gepleşiginde “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk – umumadamzat ähmiýetli sungatdyr” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen milli saz guralymyz “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli buýsançly gürrüňler edildi. Sungaty söýüji ýaşajyk dutarçylar hem dutar saz guralynda ajaýyp aýdymlaryň birnäçesini aýdyp berdiler. Gurnalan kitap sergisi hem söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy has-da ösdürip dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.