“Milli gymmatlyk”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynda “Milli gymmatlyk” ady bilen gürrüňdeşlik çäresi geçirildi.
Çärede Garaşsyz Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly medeni syýasaty netijesinde dünýäde medeniýetiň, sungatyň gülläp ösýän mekanyna öwrülip, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ,, Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň’’ ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem-de türkmen topragynyň gadymy döwürlerden bäri senetçiligiň, ussaçylygyň we sungatyň mekanyna öwrülip, dutar ýasamak senetçiligi sungat derejesine ýetiren halkymyzyň dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň dünýä gymmatlyklarynyň
genji-hazynasynda orun alandygy şeýle-de müňýyllyklaryň dowamynda dutar türkmeniň ýaşaýyş-durmuşynyň aýyrylmaz bölegine, merdana ata-babalarymyzyň ruhy syrdaşyna öwrülip Babagammar we Aşyk Aýdyň pir ýaly ussatlaryň yhlasyndan, pähim-paýhasyndan dörän dutar saz çalmak we bagşyçylyk sungaty nesillerden-nesillere geçirilip, yzygiderli kämilleşdirilip gelendigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösmegi, milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýüzünde uly hormat-sarpa eýe bolmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.