“ Saýra ýene şanly döwrüň şanyna, Baky geldi döwri-döwran, dutarym”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda “ Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Saýra ýene şanly döwrüň şanyna, Baky geldi döwri-döwran, dutarym” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, goldaw-hemaýatlary netijesinde “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýurdumyzyň durmuşynda şatlykly waka öwrülendigi şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, senetçiligini, aýdym-saz sungatyny çuňňur öwrenmek, wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak babatdaky asylly başlangyçlarynyň halkara jemgyýetçiliginde giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülendigi barada giňişleýin çykyş etdiler.Söhbetdeşligiň dowamynda dutarda ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar has-da oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy dünýä ýüzünde şöhratlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.