“Älem syry kitap bilen açylýar”


“Älem syry kitap bilen açylýar”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda “Älem syry kitap bilen açylýar” ady bilen sergi, syn geçirildi.
Bu çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bilime, ylyma giň ýol açylandygy, kitaphana- adamzadyň nesliniň irki taryhy çeşmelerinden başlap häzirki döwrüň maglumatlaryny özünde jemleýän düýpsüz bir hazynadygy, türkmenler kitaba söze , paýhasa uly sarpa goýýandygy, okamak ynsanyň kämilleşmegine, öz-özüne akyl ýetirmegine, dünýä düşünmegine ýardam edýändigini, kitaplar dogry ýol görkezýän, ýalňyşmagyň öňüni alýan paýhasly hem ýürekdeş dostdygyny, ynsanda iň gowy gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde kitap esasy serişde bolup durýandygy, kitaplaryň dür dünýäsi adamlarda parahatçylygyň we abadançylygyň gymmatlygyna, döwrüň öňegidişliklerine akyl ýetirmäge, gurmaga we döretmäge bolan kuwwatly hyjuwy emele getirýändigi giňişleýin gürrüň berildi. Sergide duran kitaplaryň her birine syn berildi.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň kitap hakynda aýdan dürdäne sözlerinden, kitap hakynda aýdylan manyly setirlerden, nakyllardan, dürler hazynasyndan ajaýyp sözleri aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren birnäçe ajaýyp eserleriniň gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup durýandygy, Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.