“Arkadagyň paýhasyndan gadamlarymyz ganatly”


“Arkadagyň paýhasyndan gadamlarymyz ganatly”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 66-njy orta mekdepde “Arkadagyň paýhasyndan gadamlarymyz ganatly” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň her bir gününi beýik üstünliklere, bedew batly ösüşlere beslenip gelýän ýurdumyz parahatçylyk dostluk-doganlyk ýoly bilen ýetilen bagtyýar durmuşyň gelejekde hem dowamat-dowam boljakdygy hem-de ata-babalarymyzyň ýol ýörelgelerinden ugur alyp gelýän ýaş nesilleri Watançylyk ruhunda terbiýelemekde hormatly Prezidentimiziň döwlet galamyndan syzylyp çykan ajaýyp eserleridir, goşgulary bu günki gün nusgalyk ýol ýörelge, gymmatly gollanma bolup durýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly kitaby esasynda sorag-jogap alyşyldy şeýle-de, gurnalan kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda ata-babalarymyzyň Garaşsyz döwlet, abadan durmuş baradaky arzuwlaryny amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp, janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.