ÖSÜŞIŇ, JEBISLIGIŇ WE AGZYBIRLIGIŇ RÖWŞEN ÝOLY


ÖSÜŞIŇ, JEBISLIGIŇ WE AGZYBIRLIGIŇ RÖWŞEN ÝOLY



Şu gün — 11-nji fewral Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň iň täze taryhynyň ýyl ýazgysyna şanly sene hökmünde altyn harplar bilen ýazylar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejli-sinde kabul ediljek «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkme-nistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» geljek 30 ýylyň toplumlaýyn strategik wezipelerini hem-de maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ugurlaryny kesgitlemek bilen, halkymyz üçin mundan beýläk-de has amatly ýaşaýyş şertleriniň döredilmegine badalga berer.
Belent maksatlar, giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan düýpli özgertmeler asuda we abadan durmuşymyzy üpjün edýär, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyr-ýar.