“Edep-başy salam” söhbetdeşlik


“Edep-başy salam” söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki 132-nji orta mekdebinde “Edep –başy salam” atly edep-terbiýe hakynda söhbetdeşlik gurady. Bu söhbetdeşlikde kitaphana hünärmenimiz edep-terbiýe salamdan başlanyp, adamlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşygy we mähribanlygy subut edýär diýip tymsallaryň üsti bilen gürrüň berdi. Ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde enelerimizden miras galan beýik terbiýe mekdebi biziň ýol ýörelgämizdir. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde Mähriban Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi” atly kitabyndan edep-terbiýe hem-de gyzlarymyz üçin ene-mamalarymyzdan bize miras galan el-işleri barada birnäçe nakyllary aýdyp berdiler. Çünki el işleriň ýaş nesli terbiýelemekde möhüm orny eýeleýändigi barada täsirli gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda ýaşlaryň edepli bolmagynyň kadalaryna aýratyn üns berýän Mähriban Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.