“Toýdan ýetirsin” atly türkmen halkynyň toý däp-dessurlary barada söhbetdeşlik


“Toýdan ýetirsin” atly türkmen halkynyň toý däp-dessurlary barada söhbetdeşlik



Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda beýan edilýän türkmen halkynyň milli ýörelgelerini, däp-dessurlaryny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Toýdan ýetirsin” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bu eseriň “Myhmansöýerlik” atly bölüminde milli Liderimiziň halkymyzyň gadymyýetden gelýän toý däp-dessurlary, milli ýörelgeleri, myhmansöýerlik bilen baglanyşykly parasatly oý-pikirleriniň giňişleýin beýan edilýändigi barada aýratyn nygtaldy.
Şeýle-de bäbek, diş, galpak, sünnet, gelin toýlary olaryň özüne mahsus bolan däp-dessurlary barada hem täsirli gürrüňler edildi.
Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda türkmen halkynyň milli medeniýetine, medeni mirasyna çäksiz sarpa goýýan hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.