Hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitabyndan


Hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitabyndan



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitabyndan söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler üstünliklere, rowaçlyklara beslenýän ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bagtly zamananyň hözirini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ulgamlarda ýeten belent sepgitleri, milli we ruhy gymmatlyklarymyzyň täze öwüşginde dabaralanyşy, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitabynyň ähmiýeti, bu eserde beýan edilýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, beýik özgertmelerden, rowaçlyklardan, ýeňişlerden doly 30 ýylyň içinde alnyp barylan işler, ýetilen sepgitler, Garaşsyzlygyň türkmen halkyny diňe bir milli bitewülige däl, ruhy bitewülige-de eýe edendigi, onuň biziň her birimiziň kalbymyzyň aýdymyna öwrülendigi, Garaşsyzlygymyzy gazanmaklygyň halkymyz hem-de dünýä bileleşigi üçin örän möhüm taryhy waka bolandygy, ýurtda bolýan şeýle beýik özgerişleriň gözli şaýady bolmaklygyň hem uly bagtdygy, Mähriban Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren parasatly kitaplarynyň her biriniň gymmatly çeşmedigi, olaryň ýaşlar üçin, esasan hem ösüp gelýän ýaş nesiller üçin edep-terbiýe, ýol -ýörelge, gymmatly çeşme we gollanma bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çärä gatnaşanlar ýurdumyzda döwlet ähmiýetli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.