“Çagalaryň söýgüli şahyry”


“Çagalaryň söýgüli şahyry”



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki “Bagtyýar nesiller” atly 74-nji orta mekdebi bilen bilelikde “Çagalaryň söýgüli şahyry”atly ýazyjy şahyr Gurban Çöliýewiň d.g 85-ýyllygy mynasybetli edebi ertirligi geçirildi.
Halkymyzyň edebiýat, sungat äleminde yz goýup giden şahsyýetleriň mertebesi belent tutulýar. Ösüp gelýän ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek, olary döwrüň talabyna laýyk ösdürüp, ýetişdirmek iň wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Tanymal şahyr Gurban Çöliýew hem edebiýat äleminiň ussatlaryndan biri diýip, ömri döredijiligi barada gyzykly gürrüň berildi. Soňra mekdep okuwçylary Gurban Çöliýewiň goşgularyndan çeper okaýyşy bilen çykyş etdiler.
Geçirilýän edebi ertirligiň hormatly myhmany bolup gatnaşýan şahyryň gyzy Jennet Çöliýewa söz berildi. Ol öz şahyr kakasy barada gyzykly pursatlaryndan gürrüň berdi. Çekilen netijeli zähmetiň sarpasy, hormaty uludyr diýip şu sözler bilen çärämiz jemlendi. Kitaphananyň hünärmenleri ýazyjy şahyrymyz Gurban Çöliýewiň kitaplaryndan sergi gurnadylar. Bu göçme sergimiz çagalarda uly höwesli täsir galdyrdy.