“ Gahryman Arkadagymyzyň Watany, halky wasp edýän beýik eserleri ”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen 106 – njy orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “ Gahryman Arkadagymyzyň Watany, halky wasp edýän beýik eserleri” ady bilen wagyz – nesihat çäresi geçirildi.
Çärede “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda parahat ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýetiň we sungatyň aýrylmaz bölegi bolan kitaphanalarda hem uly ösüşler gazanylyp, üstünlikli ýeňişlere beslenýändigi
hem-de ösüp gelýän ýaş nesillerimizi ylymly-bilimli giň dünýägaraýyşly ýaşlar edip terbiýelemekde hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden kemal tapan ajaýyp kitaplary gymmatly çeşme bolup durýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly ajaýyp kitaby esasynda sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda halkyna ajaýyp eserleri yzygiderli sowgat berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.