“Halkym öňe barýar Arkadag bilen”


“Halkym öňe barýar Arkadag bilen”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy “Halkym öňe barýar Arkadag bilen” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda “Halkyň Arkadagly zamanasy ” ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, yhlasy bilen gysga döwrüň içinde uly ösüşlere özgerişlere eýe bolandygy, Watanymyzyň parahatçylygyň abadançylygyň saklanmagyna aýdyň ýol bilen ösýändigi, şeýlede ýaş nesilleriň terbiýesi, olaryň ylymly – bilimli bolmagy, diýarymyzda sagdyn ruhly, päk ahlakly, berk bedenli, Watan söýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde enelerimiziň tutýan orny barada, şeýlede Mähriban Arkadagymyzyň enelerimize, zenanlarymyza döredip berýän mümkinçilikleri, olara goýulýan hormat barada giňişleýin gürrüň edildi. Ýaş nesillerimizi terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygy hem-de türkmen halkynyň ajaýyp däp – dessurlary , myhmansöýerligi , her bir işe parasatly çemeleşmegi, edep – terbiýe barada giňişleýin gürrüň edildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren täze “Abadançylygyň täze gadamlary” atly kitabynyň many-mazmuny terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda hem söhbet edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyna ajaýyp eserleri yzygyderli sowgat edýän, ak saçly enelerimize, gelin gyzlarymyza uly hormat goýýan, sagdyn ruhly, berk bedenli, watan söýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.