“Türkmen aýdym – saz sungatynyň ussatlary”


“Türkmen aýdym – saz sungatynyň ussatlary”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Türkmen aýdym – saz sungatynyň ussatlary” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda milli gymmatlyklarymyza goýulýan hormat – sarpanyň has-da artýandygy, türkmen halkynyň behişdi bedewleri, edermenligiň we wepalylygyň nusgasyna öwrülen alabaýlary, nepis halylary, şaý – sepleri ýaly gymmatlyklary bilen birlikde, milli aýdym – sazlarynyň hem merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen gymmatlykdygy, halkymyzyň şöhratly taryhynda aýdym – sazyň aýratyn ornunyň bardygy, geçmişde bu mukaddes toprakda ýaňlanan aýdym – sazlaryň şirin owazlarynyň toýlaryň bezegine, göwünleriň syrdaşyna öwrülendigi, milli aýdym – saz sungaty barada söhbet edilende, saz çalyp, aýdym aýtmagyň türkmeniň hemişe ruhuny göterendigi, gadymdan gelýän aýdym – saz sungatynyň nesilden – nesile geçirilip gelinýänligi barada giňişleýin gürrüň edildi.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”, “Ile döwlet geler bolsa...”, “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly ajaýyp kitaplarynda aýdym – sazyň türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, ýaşaýyş – durmuş ýörelgelerinde tutýan ornunyň, ähmiýetiniň çuňňur pähim – paýhas bilen giňişleýin beýan edilýändigi, milli aýdym – saz sungatymyzyň gözel Diýarymyzda uly ösüşe eýe bolýandygy, ussat bagşy – sazandalarynyň milli medeniýetimizde we aýdym – saz sungatymyzda öçmejek yz goýandygy, olardan Şükür bagşy, Amangeldi Gönübek, Oraz Salyr, Mylly Täçmyradow, Sahy Jepbarow, Magtymguly Garlyýew, Nobat bagşy we beýleki ussatlaryň ýatlanylmaga mynasypdygy, aýdym – saz älemini ösdürmekde olaryň bitiren işlerine, döreden eserlerine, aýdym – sazlaryna hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýokary baha berilýändigi, olaryň bize miras goýan aýdym – sazlarynyň göwünlerimizde, kalplarymyzda ebedi galjakdygy barada täsirli çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda kitaphana işgärleri tarapyndan gurnalan sergi ähli çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy, edebiýatymyzy dünýä derejesinde meşhur edýän we şöhratlandyrýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.