Hormatly Prezidentimiziň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly kitaby


Hormatly Prezidentimiziň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly kitaby



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärede Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemal tapan “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly ajaýyp kitaby tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin gymmatly hazyna öwrülendigi, bu ajaýyp kitap esasan hormatly Prezidentimiziň halk köpçüliginiň öňünde eden çykyşlarynyň, dünýäniň iri habar beriş serişdeleriniň wekileri bilen eden söhbetdeşlikleriniň ýygyndysydyr.
Döwletimizi has ýokary depginlerde ösdürmek boýunça köp teklipleri özünde jemleýän kitapda geljekde ýurdumyzy bedew batly öňe alyp gitmegiň dürli meseleleri, daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar boýunça Gahryman Arkadagymyzyň jöwher pikirleri giňişleýin beýanyny tapýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda halkyna ajaýyp kitaplaryny sowgat berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.