“Ýazyň, güýzüň şahyry”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowa bagyşlap “Ýazyň, güýzüň şahyry” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi edebiýat äleminiň parlak ýyldyzy Gurbannazar Ezizowyň bize galdyran bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp eserleri döredijilik işgärlerine gymmatly çeşme bolup hyzmat edýändigi, şahyryň döredijiligi köptaraplaýyn bolup, onuň goşgularynda Watana, gözellige, türkmen tebigatyna, sungata bolan söýgi öz beýanyny tapýandygy şeýle-de şahyryň şygyrlaryny çeperçilik taýdan baýlaşdyrmak bilen bir hatarda, many-mazmun taýdan hem tebigatyň waspyny ýetirýär, onda-da türkmen tebigatynyň aýratynlygyny, ynsana özboluşly täsirini şahyrana dilde, çeperçilik serişdeleriniň dürli görnüşlerinden peýdalanyp suratlandyrýar. Bu hem öz gezeginde, şahyryň dünýäsini açmakda, doly derejede türkmen tebigatynyň waspyny ýetirmekde mynasyp orna eýedigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda çeper sözüň ussady edebiýatyň eziz ogly Gurbannazar Ezizowyň goşgularynyň birnäçesi okaldy.
Çäräniň ahyrynda türkmen edebiýatyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan il ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.