Zenanlar – zeminiň zynaty
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň
inžener – tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zenanlar - zeminiň zynaty” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşlik Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda gözel bahar paslynyň ilkinji günleri mähriban zenanlarmyz
şeýle-de ähli ynsanlar üçin şatlykly pursatlardan başlanýandygy hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaňy dünýä inen gyz çagadan başlap, ýaşuly enelerimize çenli Şa serpaýy gowşurylmagy türkmen gelin-gyzlarymyza, ene-mamalarymyza goýulýan sarpanyň nä derejede uludygyny aňladýar.
Pasyllaryň soltany bahar paslynyň gelmegi bilen ýer ýüzi ýaşyl donuny geýip, adamlaryň kalbyny heýjana salýandygy barada gürrüň berildi. Çäräniň dowamynda mukaddes enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy wasp edýän goşgular okaldy.
Çäräniň ahyrynda halkyny bagtyýar durmuşa alyp barýan
aýal-gyzlarymyzy, enelerimizi mukaddeslige deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.