“Söýgüden doly ýürek” atly şygryýet agşamy
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen
74-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy G. Ezizowy ýatlap “Söýgüden doly ýürek” atly şygryýet agşamyny gurady.
Bu çärede kitaphana hünärmenimiz ýaş şahyr G. Ezizowyň ömri-döredijiligi bilen bir hatarda onuň şygyrlaryna döredilen aýdymlar barada-da giňişleýin gürrüň berdi. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde şahyrymyzyň eserlerinden goşgulary labyzly okap bermek bilen bir hatarda onuň “Iki agaç” hem-de “Türkmen sährasy” atly goşgularyna düzülen aýdymlary aýdyp berdiler. Mundan başga-da bu çärede
G. Ezizowyň döredijiligi barada taýýarlanylan elektron görnüşindäki albomynyň tanyşdyrylyşy hem görkezildi.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan “Owadan ýüregiň owazy” atly göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda söz ussatlarymyzyň, edebiýatda öçmejek yz goýan şahyrlarymyzyň ömri-döredijiligini ýaş nesle wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.