“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: täze döwür, täze nesil, täze maksatlar”


“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: täze döwür, täze nesil, täze maksatlar”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: täze döwür, täze nesil, täze maksatlar” ady bilen wagyz – nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda uly işleriň durmuşa geçirilýän ýurduna öwrülip, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleri, ösüşdir özgertmeleri bilen döwrümizi nurlandyrýandygy, halkymyzyň at-abraýyny barha belende galdyrýandygy, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerinden ugur alyp gelýän ýaşlary, esasan hem ýaş nesilleri Watançylyk ruhunda terbiýelemekde ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy şeýle-de ýaňy ýakynda geçen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada aýdan parasatly sözleri, eden sargytlary, olara bildirilýän ynamy we edilýän aladalar barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, sowatly, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri ugrunda uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.