“Magtymguly Pyragy – aýdym-saz sungatynda” atly söhbetdeşlik


“Magtymguly Pyragy – aýdym-saz sungatynda” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary we ol şygyrlara döredilen aýdymlar barada “Magtymguly Pyragy – aýdym-saz sungatynda” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi.
Pyragynyň şygyrlarynyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek we olaryň halal, arassa ahlakly, dogruçyl adamlar bolup ýetişmegindäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Höwesjeň okyjylarymyz hem akyldar şahyrymyzyň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlarynyň birnäçesini labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.