“Arkadagyň kitaplary – nesillere görelde mekdebi”


“Arkadagyň kitaplary – nesillere görelde mekdebi”



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň bilelikde gurnamagynda 132-nji orta mekdepde hormatly Prezidentimiziň täze çapdan çykan “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly kitabyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Arkadagyň kitaplary – nesillere görelde mekdebi” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ömrümizi bahar-ýaza, aýdym-saza besleýän, beýik işler buýsanjymyza buýsanç goşýandygy hem-de halkymyzy ajaýyp kitaplary bilen begendirip durýan Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemal tapan “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitaby tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin gymmatly hazyna öwrülendigi şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli daşary syýasaty, ähli halklaryň bähbidini nazarlap öňe sürýän teklipdir başlangyçlary, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmekde baky Bitaraplygymyzyň ähmiýeti giňden şöhlelendirilýändigi, hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitaby esasanda ösüp gelýän ýaş nesiller üçin her bir işde gymmatly gollanma bolup hyzmat etjekdigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini, şular ýaly ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.